

Türkmenistan Tähranda geçirilen Owganystan boýunça sebit duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähran şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahata Owganystan bilen serhetdeş ýurtlaryň hem-de sebit hyzmatdaşlarynyň ýörite wekilleri, şol sanda Eýran, Pakistan, Russiýa, Özbegistan, Hytaý, Täjigistan we Türkmenistan gatnaşdylar




















