HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde geçirilen Digital StartUp Awards bäsleşiginde üç türkmen startapy her biri 10 000 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

Dekabr 15, 2025 | 17:30 |8842
Türkmenistanly Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby atly üç startap Daşkentde geçirilen Digital StartUp Awards bäsleşiginiň Incubation Track Demo Day çäresinde halkara derejesinde üstünlikli çykyş edip, ýeňijiler hem-de maýa goýum alan taslamalar boldyTürkmenistanly Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby atly üç startap Daşkentde geçirilen Digital StartUp Awards bäsleşiginiň Incubation Track Demo Day çäresinde halkara derejesinde üstünlikli çykyş edip, ýeňijiler hem-de maýa goýum alan taslamalar boldy
Çeşme: StartUp Academy

Türkmenistanly Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby atly üç startap Daşkentde geçirilen Digital StartUp Awards bäsleşiginiň Incubation Track Demo Day çäresinde halkara derejesinde üstünlikli çykyş edip, ýeňijiler boldy.

IT-Park Uzbekistan tarapyndan guralan inkubasiýa maksatnamasyna 8 ýurtdan 200-den gowrak arza gelip gowuşdy. Berk saýlama tapgyrynyň netijesinde 30 gatnaşyjynyň hataryna Türkmenistandan 3 taslama saýlandy.

Türkmen startaplary aýratyn ýokary netijäni görkezdi: üç aý dowam eden intensiw onlaýn maksatnamadan soň olaryň ählisi ýeňijileriň hataryna girdi. Jemleýji tapgyra gatnaşan taslamalaryň sany boýunça Türkmenistan Gazagystandan soň ikinji orny eýeläp, umumy gatnaşyjylaryň 20 göterimini üpjün etdi.

tri-turkmenskikh-startapa-zavoevali-10-000

Esasy pursat Demo Day çäresinde startaplaryň maýadarlaryň öňünde çykyş etmegi boldy. Türkmen toparlary öz taslamalaryny üstünlikli tanyşdyryp, hakyky meseleleriň çözgüdine we uly mümkinçiliklere ünsi jemledi.

Netijede, toparlaryň ýokary derejesi tassyklanyldy: türkmen startaplarynyň her biri 10 000 ABŞ dollary möçberinde maýa goýum aldy. Bu maliýe goldawy olaryň mümkinçilikleriniň ykrar edilmegi hem-de taslamalaryň sebit derejesinde giňeldilmegi üçin möhüm ädim boldy.

Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby startaplarynyň üstünligi Türkmenistanly startaplaryň halkara meýdançasynda bäsdeşlige ukyplylygyny we görnükli oýunçylar bolup durýandygyny subut etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026