HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-däki duşuşyklar: ÝUNESKO bilen gatnaşyklary berkitmekden başlap, Eswatini, Somali we KHDR-a çenli

Dekabr 14, 2025 | 22:36 |5959
13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi
Çeşme: orient.tm

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Ýokary derejeli forumyň ähli gatnaşyjylary onuň ynanyşmak, durnuklylyk medeniýetini ösdürmek we häzirki zaman meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin möhüm meýdança hökmünde ähmiýetini bellediler.

ÝUNESKO: Türkmen alabaýynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi

Çäreleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Sin Szuý bilen duşuşygy boldy.

Baş direktoryň orunbasary türkmen tarapyny bu möhüm sene bilen gutlady we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Medeni taýdan möhüm üstünlige aýratyn üns berildi: “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizilmegi. Bu çözgüt 11-nji dekabrda Nýu-Deli şäherinde geçirilen Hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

Taraplar bilim, ylym, şeýle hem maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Eswatini Patyşalygy bilen dialog

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamininiň arasynda geçirilen duşuşykda ýokary derejeli aragatnaşyklaryň (Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eswatininiň Patyşasynyň BMG-niň meýdançasynda geçirýän duşuşyklaryny goşmak bilen) özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin möhüm goşant goşýandygy nygtaldy. Taraplar, işewür toparlaryň arasynda dialogy gurmagyň zerurdygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Somali bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň daşary syýasat edalaraynyň ýolbaşçylary Raşid Meredow we Abdisalam Abdi Ali hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere ünsi çekdiler. Olar iki ýurduň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde garaýyşlaryň meňzeşligini, şeýle hem hukuk binýadyny giňeltmegiň we hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

KHDR bilen aragatnaşyklaryň depgini

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa KHDR-nyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşdy. Söhbetdeşler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depgininiň ýokarlanandygyny bellediler. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli gutlaglaryň alyşylmagy özara hormat goýmagyň beýany bolup durýandygy, munuň bolsa özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine ýardam berýändigi bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga güýçli itergi berip, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň strategik ähmiýetini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026