HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda möwsümiň ilkinji gary ýagdy

Dekabr 15, 2025 | 14:10 |6385
Düýn agşam Aşgabatda möwsümde ilkinji gezek az-owlak gar ýagdy. Gaty görnüşdäki ýagynlar takmynan sagat 19:00–20:00 aralygynda howanyň +2° temperaturasynda bolup geçdiDüýn agşam Aşgabatda möwsümde ilkinji gezek az-owlak gar ýagdy. Gaty görnüşdäki ýagynlar takmynan sagat 19:00–20:00 aralygynda howanyň +2° temperaturasynda bolup geçdi
Çeşme: orient.tm

Düýn agşam Aşgabatda möwsümde ilkinji gezek az-owlak gar ýagdy. Gaty görnüşdäki ýagynlar takmynan sagat 19:00–20:00 aralygynda howanyň +2° temperaturasynda bolup geçdi. Ondan öň gündizine hem az-kem ýagyş ýagdy. Bir günüň dowamynda jemi 0,7 mm ýagyn düşdi.

1–14-nji dekabr aralygynda şäherde jemi 3,7 mm ýagyn hasaba alnyp, bu dekabr aýynyň ortaça kadasynyň 21,8 göterimine deň boldy.

Öňümizdäki hepde Türkmenistanyň paýtagtynda ýagynlaryň has köpelmegine garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, diňe çarşenbe gününden anna gününe çenli 10–25 mm aralygynda ýagyn düşmegi mümkin. Penşenbe–anna günleri ýagynlaryň gar görnüşinde ýagmagy we dürli derejede garyň örtüginiň emele gelmegi ähtimal. Temperaturanyň 0° töwereginde boljakdygyny göz öňünde tutup, garyň örtüginiň emele gelip-gelmezligi 1–2 gradusa bagly bolup, muny birnäçe gün öňünden anyk aýtmak entek irdir.

Dekabr aýynda düşen ýagynlar şu ýylyň Aşgabatda gözegçilik döwrüniň iň gurak ýyly bolmak ähtimallygyny aradan aýyrýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de bolsa, bu aý hem iň gurak aýlaryň hatarynda (ähtimal, ikinji ýa-da üçünji orunda) bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026