HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan dokma senagatynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar

Dekabr 15, 2025 | 21:00 |7557
Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu hyzmatdaşlykda ykdysadyýetiň strategik ugurlaryna — ýeňil senagata hem-de oba hojalygyna aýratyn ähmiýet berilýärTürkmenistan bilen Gyrgyzystan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu hyzmatdaşlykda ykdysadyýetiň strategik ugurlaryna — ýeňil senagata hem-de oba hojalygyna aýratyn ähmiýet berilýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu hyzmatdaşlykda ykdysadyýetiň strategik ugurlaryna — ýeňil senagata hem-de oba hojalygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Işewürler Geňeşiniň Prezidiumynyň agzasy we Gyrgyzystanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň prezidenti Danil Ibraýew aýratyn üns çekdi.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistandan dokma çig malyny Gyrgyzystana ibermek, soňra bolsa ýerli kärhanalarda taýýar önümleri öndürmek we olary içerki bazarda hem-de beýleki ýurtlarda satmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, AKIPRESS.COM habar berýär.

Şeýlelikde, meýilleşdirilýän hyzmatdaşlyk diňe bir haryt alyş-çalşygy bilen çäklenmän, sebitleýin derejesinde goşmaça gymmat döredýän bitewi önümçilik zynjyryny emele getirmäge gönükdirilýär. Ibraýewiň ýatlatmagyna görä, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler eýýäm bir ýyl töweregi wagt bäri alnyp barylýar.

Ýeňil senagat bilen bir hatarda, taraplar oba hojalygy pudagynda hem özara bähbitli üpjünçilikleri ösdürmegiň ýollaryna garaýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan Gyrgyzystana pomidor iberýär, Gyrgyzystan bolsa Türkmenistana ýeralmasyny eksport edýär.

Oba hojalyk önümleriniň özara iberilmegini ara alyp maslahatlaşmak iki ýurduň öz serişde mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sebitleýin azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026