Diplomatik habarlara syn: Türkmenistan Afrikadaky gatnaşyklaryny giňeldýär


Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly işjeň halkara gün tertibiniň dowamynda, Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary, esasanam Afrika yklymy boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dowam etdirdi. Muny iki waka bilen tassyklanyldy: San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we Ekwatorial Gwineýanyň täze Ilçisiniň resmi taýdan işe başlamagy.
11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekildi.
Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.
Taraplar bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi berjekdigini bellediler.
Duşenbe güni, 15-nji dekabrda, Aşgabatda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Türkmenistanda täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabananyň wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasy boldy.
Ilçi ynanç hatyny Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa gowşurdy. Myhman oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi, şeýle hemTürkmenistanyň bu derejesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady. Munuň özi halkara giňişliginde öňe sürýän ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi.
Ilçi sebitde parahatçylygy dörediji merkez hökmünde ykrar edilen we umumy abadançylygyň bähbidi üçin netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny goldaýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Şeýle hem şol gün Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Ilçiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Duşuşykda şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada pikir alyşyldy.
Ilçi Lusiano Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba iki taraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmany tassyklady.
Bu wakalar Afrika yklymynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda artýan ähmiýetini we onuň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini ählumumy derejedäki dialogy berkitmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulanmak islegini görkezýär.
ORIENT








