HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Er-Riýaddaky forumynda — bitaraplygyň ählumumy gün tertibi bilen utgaşmagy

Dekabr 15, 2025 | 20:00 |5399
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdyDaşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy.

“UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni öňe sürmek” atly şygar bilen geçirilen forum ählumumy polýarlaşmagyň artýan şertlerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan hökümetleriň, raýat jemgyýetiniň wekillerini we öňdebaryjy ýaşlary bir ýere jemledi.

2005-nji ýylda 11-nji sentýabrdaky pajygaly terrorçylykly ýagdaýlardan soň esaslandyrylan bu sammitiň esasy maksady ekstremizme we sabyrsyzlyga garşy durmakdyr. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, bu bölünişik döwürde diplomatiýa we hyzmatdaşlyk örän möhümdir.

BMG-niň ýolbaşçysy häzirki döwrüň gapma-garşylygyny beýan etdi: jemgyýetler barha özara baglanyşykly bolansoň, bölünişik hem artýar. Ol medeniýetleriň arasyndaky köprini durnukly parahatçylygyň ýeke-täk ýoly diýip atlandyrdy we “gorky, bölüniş diwarlary we harby dartgynlylyk” ýoluny ret etdi.

Türkmenistanyň başlangyçlary: Ynanyşmagyň ýetmezçiligini ýeňip geçmek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda halkara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň gowşamagy şertlerinde Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtady. Ol UNAOC-nyň işiniň Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek başlangyjy bilen sazlaşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän başlangyçlary hödürledi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we araçylyk medeniýetini öňe sürmek, ynsanperwer we medeniýetara dialogy ösdürmek, parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygyň sebit we ýaşlar platformalaryny döretmek, şeýle hem halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar.

Aşgabat öz hemişelik Bitaraplygynyň “dürli medeniýetlere we ynançlara wekilçilik edýän adamlaryň mynasyp bile ýaşamagyny” höweslendirmek üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini tassyklady.

Forumyň jemleri boýunça Bileleşigiň geljekki ösüş tapgyryny kesgitleýän Er-Riýad Jarnamasy (Er-Riýad kimmunikesi) kabul edildi. Resminamada dini çydamsyzlygyň ähli görnüşlerine garşy göreşmek ählumumy ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär we parahatçylykly jemgyýetleriň ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň möhüm roluny nygtaýar.

Forum wekilleri, esasanam ýaşlary, zenanlary we gyzlary, Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň wezipesini “batyrgaýlyk, aýdyňlyk we umyt” bilen öňe sürmäge çagyrdy we dialogyň adamzat üçin ýeke-täk möhüm esas bolup galýandygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026