Habarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Ogaýoda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny öwrendilerHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Ogaýoda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny öwrendiler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Ogaýoda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny öwrendiler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti ABŞ-nyň Ogaýo ştаtyndaky Kent döwlet uniwersitetine on günlük iş sapary bilen bardy. Türkmen hünärmenleriniň bu sapary akademik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryny halkara derejesine çykarmagyň mehanizmlerini işläp düzmäge we öňdebaryjy institusional standartlary amaly taýdan özleşdirmäge bagyşlandy

Aşgabat Minsk şäherindäki GDA-nyň ştab-kwartirasynda Halk Maslahatynyň gün tertibini tanyşdyrdyAşgabat Minsk şäherindäki GDA-nyň ştab-kwartirasynda Halk Maslahatynyň gün tertibini tanyşdyrdy

Aşgabat Minsk şäherindäki GDA-nyň ştab-kwartirasynda Halk Maslahatynyň gün tertibini tanyşdyrdy

25-nji awgustda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň teklibine laýyklykda, duşuşygyň gün tertibine Aşgabatda geçiriljek içerki syýasy çäreleriň esasy ugurlary hem girizildi

Türkmenistanyň ýaş alymlary we talyplary GDA-nyň halkaraçylarynyň bäsleşigine gatnaşyp bilerlerTürkmenistanyň ýaş alymlary we talyplary GDA-nyň halkaraçylarynyň bäsleşigine gatnaşyp bilerler

Türkmenistanyň ýaş alymlary we talyplary GDA-nyň halkaraçylarynyň bäsleşigine gatnaşyp bilerler

A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş assosiasiýasy Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa instituty, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-i we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň GDA-nyň halkara gatnaşyklary boýunça ýaş hünärmenleriniň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edişligini yglan etdi

Pakistanyň “Centaurus” kompaniýasy Türkmenistanyň atçylyk pudagyna gyzyklanma bildirdiPakistanyň “Centaurus” kompaniýasy Türkmenistanyň atçylyk pudagyna gyzyklanma bildirdi

Pakistanyň “Centaurus” kompaniýasy Türkmenistanyň atçylyk pudagyna gyzyklanma bildirdi

Türkmenistan bilen Pakistan atçylyk sporty we halkara syýahatçylygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykmagy maksat edinýär. Bilelikdäki işiň esasy ugurlary Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, şeýle hem ýurduň iň iri milli kompaniýasy bolan “Centaurus Group”-yň baş direktory Sardar Ýasir Ilýas Han bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy