

Türkmen küştçisi Allaýar Şirliýew BAE-de geçirilen halkara festiwalda ýeňiş gazandy
Türkmen küştçisi Allaýar Şirliýew 15–24-nji awgust aralygynda Abu-Dabide geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynda “Open A” kategoriýasynda ajaýyp ýeňiş gazandy. Aşgabat şäherinden bolan 22 ýaşly ussatlyga dalaşgär nusgawy wagt gözegçiligi bilen geçirilen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, arassa birinji orny eýeledi














