TIF 2026 forumynyň daşary ýurtly wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada


Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) hökümetleriň, diplomatik korpusyň we ösüş institutlarynyň wekilleriniň ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýan dialog meýdançasyna öwrüldi. Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda esasy ugur aýdyň görünýärdi: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry diňe bir maliýe serişdeleriniň goýulmagy bilen çäklenmän, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalaryň geçirilmegini, dünýä üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşmagy we Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda multimodal logistika ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Beýik Britaniýa: Maliýe inžiniringi we bilermenleriň goldawy
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon Türkmenistanyň ykdysadyýetine bir wagtyň özünde tehnologiýalary, ýokary hünärli işgärleri, halkara hukuk bilermenleriniň hyzmatlaryny we dünýä maýa bazarlaryna çykmak mümkinçiligini hödürläp biljek hyzmatdaşlaryň zerurdygyny belledi. Beýik Britaniýa bu zerurlyklaryň ählisini kanagatlandyrmaga taýýardyr.
Amaly gural hökmünde britan tarapy özüniň eksport-karz agentligi — UK Export Finance (UKEF) tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikleri görkezýär. Diplomatyň aýtmagyna görä, UKEF iri şertnamalaryň bahasynyň 85 göterimine çenli kepillik berip bilýär, 200 million funt sterlinge çenli möçberde göni karzlaşdyrmagy amala aşyrýar, şeýle hem taslama başlamazdan öňki barlaglary we tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taslamalaryň iň irki tapgyrlarynda maliýeleşdirýär. Britan işewür toparlarynyň Türkmenistandaky esasy gyzyklanýan ugurlarynyň hatarynda ulag, suw serişdelerinden peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energetika, peýdaly magdanlary gaýtadan işlemek we toplumlaýyn inžiniring bar.
Ermenistan: Ýewropa bazarlaryna çykmak we «Parahatçylygyň çatrygy» taslamasy
Ermenistan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Geworg Papoýan çekilýän maýa goýumlarynyň hiline ünsi çekip, onuň önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagy we adam maýasynyň ösdürilmegi bilen kesgitlenýändigini belledi. Ermenistan Türkmenistany Hazar sebitiniň möhüm energetika we üstaşyr geçiriş merkezi hökmünde görýär hem-de muňa jogap hökmünde ykdysady mümkinçiliklerini — Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň bazaryna çykmak, tehnologik çözgütler we Ýewropa Bileleşigi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary — hödürleýär.
Çykyşda Ermenistanyň «Parahatçylygyň çatrygy» başlangyjynyň çäklerinde multimodal ulag ugry bolan «TRIPP» taslamasyna aýratyn orun berildi. Bu ugruň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin günbatar ugry boýunça goşmaça ygtybarly mümkinçilik açýar. Ol Hazar deňziniň portlaryndan Günorta Kawkaz arkaly Türkiýä we Ýewropa, şol bir wagtyň özünde bolsa Eýran arkaly «Demirgazyk – Günorta» geçelgesine çykmaga mümkinçilik berer.

Gyrgyzystan: Sanlylaşdyrma, ýaşyl energetika we sebit hyzmatdaşlygy
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýumlar agentliginiň direktory Rawşanbek Sabirow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady üstünlikleriniň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady. Milli başlangyçlaryň — iňlis hukugy esasynda döredilýän «Asman Siti» eko-şäheriniň we «Tamçy» ýörite çäginiň gurluşygyndan başlap, Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýoluna çenli — esasy ugurlaryny beýan edip, agentligiň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin eýýäm bar bolan mümkinçilikleri görkezdi.
Türkmenistan bilen bilelikdäki maýa goýumlary üçin iň geljegi uly ugurlar hökmünde «ýaşyl» energetika, nebit önümleriniň we tebigy gazyň üpjünçiligi, telekommunikasiýalar, dokma senagaty, logistika we syýahatçylyk görkezildi. Gyrgyz tarapy türkmen maýadarlaryna «bitewi penjire» ýörelgesi esasynda doly goldaw we hyzmat bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkiýe: «Anyk wagtynda» ýörelgesindäki nusgadan strategik özbaşdaklyga we 5 milliard dollarlyk maksada çenli
Türkiýe Respublikasynyň söwda ministriniň orunbasary Mahmut Gürjan dünýä söwdasynyň özgerişini seljerip, geosyýasy üýtgeşmeleriň logistika ulgamynda «wagtynda» (just-in-time) ýörelgesinden durnuklylyk we önümçiligi ýerli derejede ýerleşdirmek strategiýalaryna — just-in-case, nearshoring we friend-shoring — geçmäge mejbur edýändigini belledi. Şeýle şertlerde Türkiýe bilen Türkmenistan tebigy strategik hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýär. Adatça dokma pudagyna, gurluşyk senagatyna, energetika we gaýtadan işleýän önümçilige gatnaşýan türk işewür toparlary häzirki wagtda has çuň tehnologik hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
«Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň gerimine we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, türk döwlet edarasynyň wekili ammar toplumlaryny, logistika merkezlerini we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagy bilelikde ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu çäreler üpjünçilik zynjyrlaryndaky bökdençliklerden goramak üçin zerur şertleri döreder we iki döwletiň Baştutanlarynyň öňde goýan özara söwda dolanyşygyny 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek maksadynyň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berer.









