TIF 2026 dialogy resminamalara öwürýär — gol çekilen ylalaşyklary alyşmak dabarasy geçirildi


Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) ilkinji günüň strategik sessiýalar toplumyny ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bilen jemledi. Şeýlelikde, bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmalary we tanyşdyryş başlangyçlary anyk hukuk we täjirçilik ylalaşyklary derejesine geçirildi.
Gol çekilen ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň bukjasy suw hojalygyndan, himiýa senagatyndan we aragatnaşykdan başlap, gämi gurluşygyna, demir ýol ulaglaryna we ýangyç-energetika toplumyna çenli milli ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji ugurlaryny öz içine aldy. Bu resminamalar döwlet pudagynyň we ýurdumyzyň işewürleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen çuňňur integrasiýa taýýardygyny aýdyň görkezdi.

Resmi dabara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen anyk senagat we tehnologik hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanandygyny tassyklady. Ulag we gämi gurluşygy ulgamynda esasy wakalaryň biri «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation B.V.» (Niderlandlar) we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026 – 2036-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýşy, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi geljegi uly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CSCEC International Construction Company Ltd” kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ýokary ugur himiýa senagatynda, energetikada we suw ulgamynda gazanylan ylalaşyklarda hem öz beýanyny tapdy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem ýurdumyzyň "Turkmen Enjam" hojalyk jemgyýeti bilen täjirçilik şertnamasyna gol çekdi.

Öz gezeginde, «Türkmennebit» döwlet konserni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp, hyzmatdaşlygyny resmileşdirdi. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek we olary kämilleşdirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm ädim Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan hem ädildi. Ministrlik Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.
Gol çekilen resminamalaryň gurluşynyň seljermesi maýa goýumlaryny däp bolan görnüşde çekmekden ýokary tehnologiýaly hyzmatdaşlyga, hünär we tehniki mümkinçilikleriň geçirilmegine hem-de ýerli önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine tarap aýdyň ugruň bardygyny görkezýär.

Gol çekilen resminamalaryň alyş-çalyş dabarasy TIF 2026 forumynyň ilkinji gününiň esasy amaly netijesi boldy. Bu waka Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň açyklyk, ygtybarlylyk we özara ykdysady bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklady. Forum öz işini dowam etdirýär.









