

Niclaus Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda naýbaşy golf klubyny Awazada gurmaga taýyn
Duşenbe güni Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler forumynyň barşynda geçirilen duşuşykda Awazada üç sany golf meýdançasyny gurmak boýunça meýilnamalara garaldy.


Duşenbe güni Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler forumynyň barşynda geçirilen duşuşykda Awazada üç sany golf meýdançasyny gurmak boýunça meýilnamalara garaldy.


GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ykjam enjamlar üçin "GDA-nyň Hukuk namalarynyň we beýleki resminamalarynyň bitewi sanawy" maglumat banky goşundysyny işe girizdi. Programma üpjünçiligi "GDA-nyň sanawy" diýlip, atlandyrylýar. ОС Android ulanyjylar goşundynyň häzirki wersiýasyny resmi Google Play programma dükanyndan ýükläp alyp bilerler – diýlip, ýetiriji komitetiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenýär.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa sapar bilen barýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy sişenbe güni, 6-njy oktýabrda meýilleşdirilýär.


«Türkmengaz» döwlet konserni tebigy gazyň ygtybarly üpjün edilmegini we guýulardaky gaz sorujy enjamlaryň we gaz turbinaly hereketlendirijileriň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek, senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply, innowasiýa we ylmy barlaglary talap edýän önümleriň eksportyny ýokarlandyrmak babatynda bilelikde işleşmek barada ylalaşdylar.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezi dörediler. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi – diýip, TDH agentligi ýazýar.


Russiýanyň «RŽD» holdingi Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän Bolaşak-Serhetyaka serhet geçelgesinden amala aşyryljak eksport-import konteýner ýük daşamalary üçin 20 göterim arzanladyş yglan etdi – diýip, Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň saýty habar berýär.


Türkmenistanly agyr atletikaçylar Ankarada tamamlanan köp sanly dünýä, Ýewropa we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda 8 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.


– Fransuz “Kristian Dior” modalar öýi Müsürdäki Giza piramida platosynda taryhda ilkinji gezek modaly lybaslaryň görkezilişini gurady – diýip, ýurduň syýahatçylyk ministrligi habar berýär.


Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda 2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) ýekşenbe güni Er-Riýadda AOG/Olimpiýa raýdaşlygy sebit forumynda yklymyň bäş zolagyndan Milli Olimpiýa komitetleriniň (MOK) 44-üsini jemledi. Türkmenistanyň hem Milli olimpiýa komitetiniň wekiliniň gatnaşýan bu çäresi 7-nji dekabra çenli dowam eder.


BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşen Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi. Bu baradaaky habar şenbe güni Guramanyň Twitterdäki resmi sahypasynda ýerleşdirildi.


Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.


Şenbe güni Türkmenistanda neşe serişdelerini we galp ýollar arkaly alnan temmäki önümlerini ýok etmek çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy we harby edaralar trapyndan geçirilen ýörite maksatly işleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan ele salnan neşe serişdeleri we çilimler Gökdepe etrabynyň çäklerinde ýörite peçlerde ýakyldy.


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Doha bolan saparynyň dowamynda Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamat Al Tani bilen duşuşdy.