HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategiki hyzmatdaşy – RF-nyň DIM

Dekabr 06, 2022 | 02:23 |6139
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa sapar bilen barýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy sişenbe güni, 6-njy oktýabrda meýilleşdirilýär.Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa sapar bilen barýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy sişenbe güni, 6-njy oktýabrda meýilleşdirilýär.
Çeşme:

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa sapar bilen barýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy sişenbe güni, 6-njy oktýabrda meýilleşdirilýär.

Lawrow we Meredow söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we bilim ugurlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Kärdeşleriň sebit we halkara gün tertibi, owgan meselesi we köptaraplaýyn platformalarda, ilkinji nobatda GDA, “MA5+Russiýa” we “Hazar bäşligi” formatlary we BMG boýunça pikir alyşmaklaryna garaşylýar.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda RF-nyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda çap edilen metbugat beýanatynda: "Türkmenistan – Russiýanyň Merkezi Aziýa sebitindäki strategiki hyzmatdaşy" diýilýär. 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary wagtynda gol çekilen Iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnamanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini tassyklaýandygy takyk bellenilýär.

Habarda: “Russiýa Türkmenistanyň örän ähmiýetli söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. 2022-nji ýylyň sekiz aýynda söwdanyň möçberi ABŞ-nyň 474,8 million dollaryna, Russiýanyň Türkmenistana eksporty ABŞ-nyň 357,8 million dollaryna, Türkmenistandan Russiýa import ABŞ-nyň 117,0 million dollaryna deň boldy"-diýlip bellenýär.

“Gazprom”-yň 2019-njy ýylyň aprel aýyndan bäri türkmen tebigy gazyny satyn almagy gaýtadan dikeldendigi we Russiýa goýberilýän “mawy ýangyjyň” göwrümi ýylsaýyn artýandygy barada aýdylýar. Türkmen bazarynda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň onlarçasy işleýär, olaryň arasynda “KAMAZ”, “Tatneft”, “Wozroždeniýe” bar.

Sebitara gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, Tatarstan, Astrahan we Çelýabinsk oblastlary, Sankt-Peterburg bilen iň işjeň aragatnaşyklar ýola goýuldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň çäklerinde söwda we maýa goýumlaryny goldamaga, russiýaly we türkmenistanly kompaniýalar üçin amatly iş şertlerini döretmäge gönükdirilen ýokary derejeli topar hereket edýär.

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda öz çäginde Russiýanyň koronawirusa garşy “Sputnik V”, “EpiVacCorona” we “Sputnik Light” derman serişdelerini hasaba aldy. Geçen ýyl Aşgabada “Sputnik V” sanjymynyň 330,000 toplumy, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa “Sputnik Light”-iň 800,000 dozasy getirildi, şolardan 300,000 sanysy Türkmenistana mugt berildi.

Türkmenistandan 30,000-den gowrak talyp Russiýanyň ÝOM-de okaýar. Türkmen ýaşlarynyň arasynda Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Woronežiň, Kazanyň, Don boýundaky Rostowyň, Samaranyň, Tweriň ýokary okuw mekdepleri uly islegden peýdalanýar. Taraplar Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini açmak, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki rus-türkmen orta umumybilim mekdebiniň goşmaça binasynyň gurluşygy (kiçi synplar üçin) barada meseleleriň üstünde işleýärler.

Habaryň soňunda: “2023-nji ýylda medeniýet pudagynda ozal yza süýşürilen birnäçe çäräni, şol sanda medeni günler, Türkmenistanda russiýa kinosynyň hepdeligini we öňdebaryjy teatrlaryň alyş-çalyş gastrollaryny geçirmek meýilleşdirilýär” – diýip bellenýär.

Duşenbe güni, 5-nji dekabrda Moskwada Russiýa Federasiýasy bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleri - Sergeý Lawrow bilen Jeýhun Baýramowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026