

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirer
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň arasynda bilelikdäki hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň agzalary, işgärleri taýýarlamak pudagyndaky Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, türkmen gümrük edarasynyň saýty habar berýär.




















