HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewi 61 ýaşy bilen gutlady

Dekabr 23, 2022 | 07:48 |6280
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýewiň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky şahsy goşandyny belläp geçdi. Bu barada türkmen döwletiniň baştutanynyň Azerbaýjanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli ugradan gutlagynda aýdylýar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýewiň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky şahsy goşandyny belläp geçdi. Bu barada türkmen döwletiniň baştutanynyň Azerbaýjanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli ugradan gutlagynda aýdylýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýewiň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky şahsy goşandyny belläp geçdi. Bu barada türkmen döwletiniň baştutanynyň Azerbaýjanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli ugradan gutlagynda aýdylýar.

"Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidi üçin iň gowy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerinde üstünlikli ösjekdigine ynanýaryn", - diýlip, Azerbaýjanyň Prezidentiniň internet saýtynda çap edilen habarda aýdylýar. Onda Ylham Alyýewiň ýolbaşçylygynda "Azerbaýjan Respublikasynyň depginli ösüş ýolundan ynamly ýöräp, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, dünýädäki abraýyny yzygiderli berkidýändigi" bellenilýär.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe döwlet baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäginde Siziň bilen bolan duşuşygymyzy ýakymly täsirler bilen ýatlaýaryn, onuň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelmegine we pugtalandyrylmagyna ygrarlydygy ýene bir ýola tassyklandy" – diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Serdar Berdimuhamedow Alyýewe berk jan-saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny we üstünlik arzuw etdi.

24-nji dekabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew 61 ýaşady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026