Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça gyşky çempionatynyň ýeňijileri belli boldy

Dekabr 23, 2022 | 21:21 |12835
Aşgabatda 150-den gowrak türgenleriň gatnaşan ýeňil atletika boýunça gyşky çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ýeňil atletika toplumynda geçdi – diýip, “Neýtralny Turkmenistan” gazeti habar berýär.Aşgabatda 150-den gowrak türgenleriň gatnaşan ýeňil atletika boýunça gyşky çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ýeňil atletika toplumynda geçdi – diýip, “Neýtralny Turkmenistan” gazeti habar berýär.
Çeşme:

Aşgabatda 150-den gowrak türgenleriň gatnaşan ýeňil atletika boýunça gyşky çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ýeňil atletika toplumynda geçdi – diýip, “Neýtralny Turkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaryşyň maksatnamasyna 60, 400, 800, 1500 metr aralyga ylgamak, şeýle hem ýadro iteklemek, uzaklygyna we beýikligine bökmek girdi. Şunda hem zenanlaryň, şeýle hem erkekleriň arasynda ýaryşlar geçdi.

60 metr aralyga ylgamakda zenanlaryň arasynda birinji ýeri paýtagtymyzyň ýygyndysynyň agzasy, sport ussady Walentina Meredowa eýeledi. 400 metr aralyga ylgamakda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sport klubynyň türgeni Olýona Hudaýbergenowa, 800 metr aralyga ylgamakda bolsa – Salina Bagtyýarowa birinjiligi eýelediler, 1500 metr aralyga ylgamakda bolsa “Aziýanyň çagalary” VII Halkara sport oýunlarynyň altyn we bürünç medallarynyň eýesi Sabina Kasymjanowa ýeňiji boldy.

Erkekleriň arasynda geçen ýaryşlarda 60 m aralyga ylgamakda ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň baýragyny alan Alişer Sadullaýew birinji ýeri eýeledi. 400 m aralyga ylgamakda Abdyrahman Nurgeldiýew, 800 m aralyga ylgamakda bolsa – Atajan Bagyýew ýeňiş gazandy. Iň uzak aralyga ylgamakda Perhat Annagylyjow ýeňiş gazandy.

Ýadro iteklemek boýunça zenanlaryň arasynda Irina Welihanowa, erkekleriň arasynda bolsa – Gurbannazar Kakajaýew ýeňiji boldy. Uzynlygyna we beýiklige bökmek boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda birinji ýeri degişlilikde Aziza Baltaýewa we Wioletta Kazaçanskaýa eýelediler. Erkekleriň arasynda uzynlygyna bökmekde Bagrat Gansanbekow, beýikligine bökmekde bolsa – Annaçary Atajumaýew ýeňiş gazandylar.

ORIENT habarlar
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026