Marsdaky InSight zondy uçuşyny tamamlady we öz abunaçylary bilen «hoşlaşdy»


NASA-ň InSight älem giňişliginde dört ýyldan gowrak syýahat edenden soň Marsda alyp baran ylmy-barlaglary geçirmegi tamamlady. Şol ýyllaryň dowamynda InSight zondy Gyzyl planeta hakynda köp özboluşly ylmy maglumatlary toplady – diýip, ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek baradaky Milli müdirligi habar berýär.
Zond aragatnaşyga çykman başlandan soň NASA ylmy-barlag işlerini tamamlamak baradaky karara geldi. Alymlar onuň bilen iki gezek aragatnaşyga girmäge synanyşdylar, emma onuň günden işleýän akkumulýatorlarynyň indi energiýa öndürmeýär diýen netijä geldiler. Soňky gezek InSight bilen aragatnaşyk 15-nji dekabrda boldy.
«Her niçikde bolsa agentlik gondurma modulynyň signalyna üns berip garaşar, ýöne edil şu wagt ony almak mümkin däl» – diýip, NASA-da bellediler.
«Meniň kuwwatym örän pes derejede, şeýlelikde bu meniň iberip biljek iň soňky şekilim bolmagy ahmal. Meni alada etmäň: meniň bu ýerdäki wagtym öndürijilikli we juda asuda boldy» – diýip, InSight zondy Twitterdäki abunaçylary bilen hoşlaşmak bilen, Marsda düşüren soňky suratyny iberdi.

InSight zondy NASA tarapyndan Marsa 2018-nji ýylyň maý aýynda ugradylypdy, noýabr aýynda bolsa ol Marsa baryp düşüpdi. Şonda ol Gyzyl planetanyň üstünde alnan ilkinji suratyny ugradypdy, dekabrda bolsa ol ýerdäki şemalyň sesini ýazyp alypdy.
ORIENT habarlar
Surat: Twitter.com / @NASAInSight








