Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Russiýany, ABŞ-ny we Hytaýy Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary diýip atlandyrdySerdar Berdimuhamedow Russiýany, ABŞ-ny we Hytaýy Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary diýip atlandyrdy

Serdar Berdimuhamedow Russiýany, ABŞ-ny we Hytaýy Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary diýip atlandyrdy

Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý Halk Respublikasy, Türkmenistanyň esasy hyzmatdaş ýurtlarynyň arasynda ilkinji üçlügiň hataryna girýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçylarynyň ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda belledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Ýewropada howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli, gazyň bahasy ýokarlanýarÝewropada howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli, gazyň bahasy ýokarlanýar

Ýewropada howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli, gazyň bahasy ýokarlanýar

ICE biržasynyň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Ýewropada ýanwar aýy üçin gaz üpjünçiligi baradaky şertnamalar (fýuçersler) her 1000 kubmetr üçin ABŞ-nyň 1500 dollaryndan gowrak bahadan satyldy. TTF (Niderlandlarda ýerleşýän Ýewropanyň iň uly gaz merkezi) indeksi boýunça ýanwar fýuçersleri 1489 dollara deň bolan baha bilen (-1%) söwdany açdylar. Şol gün günortan Ýewropada gazyň bahasy 1514,5 dollara (+ 0.7%) barabar boldy.

Aşgabatda baş arçany bezemäge girişdilerAşgabatda baş arçany bezemäge girişdiler

Aşgabatda baş arçany bezemäge girişdiler

Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.