HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: Türkiýeden gelen telekeçiler nah ýüplügini satyn aldylar

Ýanwar 13, 2023 | 21:31 |4887
Penşenbe güni, 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $2 mln amerikan dollaryna we 17,5 mln türkmen manadyna barabar bolan 20 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $2 mln amerikan dollaryna we 17,5 mln türkmen manadyna barabar bolan 20 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Penşenbe güni, 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $2 mln amerikan dollaryna we 17,5 mln türkmen manadyna barabar bolan 20 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden gelen işewürler daşary ýurt puluna hem-de türkmen manadyna nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň jemi 1,2 mln kg satyn aldylar.

Önüm Dokma senagaty ministrliginiň Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar etraplarynda ýerleşýän dürli kärhanalaryndan daşary ýurda ugradylar.

Bir gün mundan ozal, 11-nji ýanwarda içerki bazarda nebitiň jemleýji koksynyň 1 müň tonnasyny 11,2 mln manada satyn almak üçin geleşik baglaşyldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026