2023-nji ýylda diňe COVID-19 garşy sanjymlaryň ähli tapgyrlaryny geçenler haj zyýaratyny amala aşyryp bilerler


2023-nji ýylda haj zyýaratyny amala aşyrýan zyýaratçylar COVID-19 sanjymynyň ähli tapgyrlaryny geçmelidirler – diýip, Saudi Gazette Haj we umry ministrliginiň wekiline salgylanyp habar berýär.
Edara tarapyndan çap edilen hasabatda koronawirusyň garşysyna öz wagtynda edilen sanjymlardan başga-da zyýaratçylaryň möwsümleýin grippden we meningit keselinden sanjymy bolmalydyr.
Keramatly haj döwründe zyýaratçylar üçin ýörite işlenip düzülen düzgünlere laýyklykda gatnaşyjylar dowamly ýa-da ýokanç kesellerden ejir çekmeli däldirler.
ORIENT-iň öň habar bermegine görä, şu ýyl Saud Arabystany haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin koronawirus we ýaş bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň birnäçesini aýyrdy.
ORIENT habarlar








