Habarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar

2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan türkmen awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň sanyny wagtlaýynça azaldar. Uçuşlaryň gyşky tertibinde bir gatnaw galar, ol her şenbe günleri amala aşyrylar. Bu maglumat Reýn-Maýn howa menziliniň resmi **[saýtynda](https://www.frankfurt-airport.com/en/flights-and-transfer/departures.html?flighttype=departures&q=Turkmenistan+Airlines&time=2023-01-03T08%3A48%3A00.000Z&key=TUA&type=Airline)** ýerleşdirildi.

Täze ýyla päk arzuwlar we uly ynam bilen gadam basyp – Prezidentiň ýüzlenmesindenTäze ýyla päk arzuwlar we uly ynam bilen gadam basyp – Prezidentiň ýüzlenmesinden

Täze ýyla päk arzuwlar we uly ynam bilen gadam basyp – Prezidentiň ýüzlenmesinden

Türkmen lideri Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlap, geçen ýylyň möhüm wakalaryny agzap geçdi, şolaryň hatarynda ulag, energetika, lukmançylyk ulgamlarynyň, durmuş düzümleriniň birnäçe iri desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, Halk Maslahatynyň çözgütleri, geljek 30 ýyl üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň kabul edilmegi görkezildi.

“Gazprom” gazyň artykmaç möçberini Hytaýa, GDA ýurtlaryna we Türkiýä iberip biler“Gazprom” gazyň artykmaç möçberini Hytaýa, GDA ýurtlaryna we Türkiýä iberip biler

“Gazprom” gazyň artykmaç möçberini Hytaýa, GDA ýurtlaryna we Türkiýä iberip biler

“Gazprom” gazyň artykmaç möçberini Hytaýa, GDA ýurtlarynyň käbirine we Türkiýä iberip biler, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) eksport edip, Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin wodorod we ammiak öndürip biler. Bu barada Energetika geçiş boýunça taslama merkeziniň we ESG “Skoltehiň” analitigi Sergeý Kapitonow RIA Nowosti beren teswirinde aýtdy.