Sebitiň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary umumy tranzit portalyny girizmek barada ylalaşdylar


Çarşenbe güni Bakuwda Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň köptaraplaýyn mejlisi geçirildi. Gatnaşyjy ýurtlaryň edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygyň öňüsyrasynda ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk Trans-Hazar halkara Gündogar-Günbatar orta koridorynyň ugry boýunça «bir penjire» ýörelgesinde üstaşyr gümrük düzgünini ýönekeýleşdirmek baradaky taslama boldy.
Duşuşyga Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Kunio Mikuriýa, Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Toparynyň, Halkara Awtoulaglary bileleşiginiň (IRU) we beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş eden Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygy Şahin Bagirow, Orta koridoryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada gürrüň berdi we sebit ýurtlarynyň gümrük üstaşyryny ýönekeýleşdirmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol üstaşyr amallaryny has ýönekeýleşdirmek we sanly görnüşde durmuşa geçirmek üçin ýakyn wagtda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyny aýtdy.

Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa bu taslamanyň sebiti ösdürmek we gülläp ösdürmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de söwda we üpjünçilik zynjyrynyň üznüksizligini üpjün etmek meselesinde möhümdigini aýtdy.
Duşuşykda döwlet baştutanlary tarapyndan Orta Koridor ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin döredilen köptaraplaýyn platformalaryň çäginde görülýän çäreleriň eýýäm öz miwesini berip başlandygy bellenildi.
«TRACECA» hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýewiň pikirine görä, üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin yzygiderli ädimler halkara söwdasyny çaltlaşdyrmak, serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek, şeýle hem sebitiniň ýurtlarynyň maýa goýumlaryny çekmek we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek üçin möhümdir.
Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowanyň wideo habary görkezildi.
Duşuşykda Azerbaýjanyň Gümrük gullugynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen Trans-Hazar üstaşyr portalynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we bu goşundynyň harytlaryň we ulaglaryň koridorda bir beýannama esasynda hereket etmegine ýol açjakdygy, elektron görnüşinde maglumat alyşmaga, şeýle hem ozal tabşyrylan üstaşyr gümrük beýannamasyny üstaşyr resminamasy hökmünde ulanmaga mümkinçilik döretjekdigi barada netijä gelindi. Ondan başga-da portal gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, töwekgelçilik derňewine esaslanýan gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini ulanmak barada karar bermek we gümrük gözegçiliginiň netijelerini alyşmak meselesinde-de möhümdir.
Mundan başga-da, üstaşyr işini ýeňilleşdirmek üçin ulanylýan halkara mehanizmler barada tanyşdyryşlar boldy.
Duşuşygyň netijesinde, gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Trans-Hazar halkara Gündogar-Günbatar orta koridorynyň ugry boýunça «bir penjire» ýörelgesine esaslanýan üstaşyry ýönekeýleşdirmek düzgünini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin çäreleriň meýilnamasyny kabul etdiler we mejlisiň teswirnamasyna gol çekdiler.
Taraplar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri gysga wagtyň içinde durmuşa geçirmegi maksat edindiler. Munuň özi Gündogar-Günbatar ugry boýunça haryt daşamakda orta koridoryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri döreder.
ORIENT news








