Habarlar

2008-nji ýylda çökgünlik boljagyny öňünden aýdan ykdysadyýetçi 2023-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysady taýdan pese düşmesini çaklaýar2008-nji ýylda çökgünlik boljagyny öňünden aýdan ykdysadyýetçi 2023-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysady taýdan pese düşmesini çaklaýar

2008-nji ýylda çökgünlik boljagyny öňünden aýdan ykdysadyýetçi 2023-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysady taýdan pese düşmesini çaklaýar

«ABŞ-da inflýasiýa özüniň iň ýokary derejesine baryp ýetdi, ýöne ol bu tapgyryň iň soňky derejesi däl» – diýip 2008-nji ýylyň çökgünligini öňünden aýdan Maýkl Berri beýan etdi we ABŞ-nyň aşak düşmä – ykdysadyýetiň ösüşiniň haýallamagyna duçar bolup biler diýip belledi – diýip, Business Insider habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen ýerlerdäki oba hojalyk möwsümleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdySerdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen ýerlerdäki oba hojalyk möwsümleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen ýerlerdäki oba hojalyk möwsümleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.

Özbegistanyň howa menzillerinde syýahatçylar üçin Tax Free ulgamy işe girizildiÖzbegistanyň howa menzillerinde syýahatçylar üçin Tax Free ulgamy işe girizildi

Özbegistanyň howa menzillerinde syýahatçylar üçin Tax Free ulgamy işe girizildi

Özbegistanyň bäş howa menzilinde - Daşkent, Samarkand, Buhara, Fergana we Ürgenç şäherlerinde 2-nji ýanwarda Tax Free ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi, onuň üsti bilen daşary ýurtly syýahatçylar satyn alan harytlary üçin keşbek alyp bilerler, ýagny syýahatçylara goşulan baha üçin salgyt yzyna gaýtarylyp berilýär. Ulgam Özbegistanyň Döwlet salgyt komiteti tarapyndan gurnaldy we häzirki wagtda ol synag tertibinde işleýär – diýip, Özbegistanyň howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär.