HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat metjidinde Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka berildi

Mart 15, 2023 | 23:46 |6970
Aşgabatda, Hezreti Omar metjidinde çarşenbe güni Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka berildi. Sadaka Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.Aşgabatda, Hezreti Omar metjidinde çarşenbe güni Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka berildi. Sadaka Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda, Hezreti Omar metjidinde çarşenbe güni Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka berildi. Sadaka Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.

Sadaka şu waka bilen baglylykda Aşgabada ýörite gelen Türkiýäniň din wekilleri gatnaşdylar. Metjide gelende, Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary mähirli mübäreläp, söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda bolsa, taryhy ýüzýyllyklara uzaýan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Öňden gelýän ruhy-ahlak we dini däp-dessurlaryň umumylygy taryhyň kyn pursatlarynda iki dogan halkyň birek-birege goldawyny kesgitleýär.

Weýrançylykly ýer titremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary barada dilegler beýan edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlara ýüzlenip, şu gün Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilendigini, bu desgalaryň gurluşygynyň Türkiýäniň “Gap Inşaat” gurluşyk kompaniýasyna ynanylandygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow türk halkynyň Türkmenistany Watan diýip atlandyrýandygyna ünsi çekdi. Iki dogan halk, iki döwlet syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda elmydama birek-biregi goldaýar.

– Türkiýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme bizi biperwaý goýmady, biz türk halkynyň gynanjyny deň paýlaşdyk we duýgudaşlyk bildirdik. Türkmenistan bu ýurda ilkinjileriň hatarynda doganlyk goluny uzatdy – diýip, milletiň lideri aýtdy.

Türkmen halkynyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Şol günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi we şehit bolanlary hatyralap, sadaka beriljekdigini aýtdy. Ýatlama çäresi çarşenbe güni, 15-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ankara şäherine sapara ugramazynyň öňýanynda geçirildi. 16-njy martda Halk Maslahatynyň Başlygy Ankarada Türki döwletler guramasynyň "Betbagtçylyklary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegi" atly nobatdan daşary sammitine gatnaşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026