HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň hyzmatdaşlygy üstünlikli diýlip ykrar edildi

Mart 15, 2023 | 19:49 |5170
Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň müdiri Olaf Ronni Lindstrom hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň müdiri Olaf Ronni Lindstrom hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň müdiri Olaf Ronni Lindstrom hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan gol çekilen Ýyllyk meýilnamalaryň çäklerinde UNFPA-nyň üstünlikli işini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şeýle ugurlaryndan biri 2022-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny taýýarlamak we geçirmek üçin Döwlet statistika komitetine UNFPA tarapyndan berlen tehniki ýardamdyr.

Gepleşikleriň dowamynda gender deňligi we aýal-gyzlaryň hukuklary we mümkinçilikleri babatynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, wise-premýer türkmen tarapynyň “Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň” netijeleri boýunça hasabaty taýýarlamakda UNFPA-nyň berýän goldawyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň ýaşlar syýasatyndaky hyzmatdaşlygydygy nygtalyp geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026