Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) tebigy betbagtçylyklara garşy göreş boýunça nobatdan daşary sammiti geçiriler


15-16-njy mart aralygynda Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň (OTG) nobatdan daşary sammiti geçiriler, oňa gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we ýeňip geçmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, nobatdan daşary sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer kömegini bermek pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we netijelerini ýeňip geçmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak ýaly meseleler girýär.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar möhüm halkara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem, sammitiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.
2009-njy ýylda döredilen Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi (Türki Geňeş) 2021-nji ýylyň noýabrynda Stambul sammitinde adyny Türki döwletleriň guramasy (TDG) diýip üýtgetmegi karar etdi. Bu gurama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan, synçylar hökmünde bolsa Türkmenistan we Wengriýa gatnaşýar. 2023-nji ýylda TDG-a Özbegistan başlyklyk edýär.
ORIENT news








