Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy


Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Bu lukmançylyk desgalary -- Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa we Halkara pediatriýa merkezleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda gurluşygyna badalga berildi.
Ilkinji Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çoganly ýaşaýyş toplumyna, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Halk Maslahatynyň Başlygy sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bu keselleriň öňüni almakda we olary wagtynda bejermekde oňyn netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Täze Merkeziň bölümleri we anyklaýyş hem-de bejeriş otaglary dünýäniň ösen döwletleriniň lukmançylyk we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün ediler.
500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde, beýleki lukmançylyk merkezleriniň ýakynynda gurlar.
Şeýle hem täze Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düzümine gematologiýa merkezi, barlaghana bölümi, anyklaýyş we maslahat beriş hem-de rentgen anyklaýyş bölümleri, sitologiýa, molekulýar-genetika bölümleri, dermanhana bölümi, kömekçi we beýleki bölümler giriziler.
Şeýle hem bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň onkologiýa, şöhle bilen bejeriş we anyklaýyş kafedrasy ýerleşdiriler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, awtoulagda täze Stomatologiýa merkeziniň guruljak ýerine ugrady.
Ýakyn wagtda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň bu uly toplumynyň üsti 80 orunlyk bilen ýetiriler.
Stomatologiýa häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, çünki dişleriň we agyz boşlugynyň keselleriniň mümkin bolan gaýraüzülmeleri köpsanly beýleki kesellere getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş hünärmenlerde yzygiderli barlagdan geçmegiň we elbetde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň möhümdigi nygtaldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň guruljak ýerine tarap ugrady.
Ýakyn wagtda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň bu uly toplumynyň üsti 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi bilen ýetiriler.
Çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge niýetlenen bu täze merkez hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk geler. Bu ýerde näsaglary barlamak we bejermek dünýäniň öňdebaryjy hassahanalarynyň lukmanlary bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgyly gutujyk binanyň düýbüne atylýar.
Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna döwlet tarapyndan goldawa mätäç näsag çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi.
Şu günki waka mynasybetli Serdar Berdimuhamedow çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.








