HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmen-tatarystan işewürlik forumy geçirildi

Mart 15, 2023 | 23:43 |9197
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.
Çeşme: Watan

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.

Duşuşygyň gün tertibindäki meseleler iki ýurduň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda uly söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiligi babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemledi.

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenko çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda tehnikalary öndürmek boýunça dünýäde iri kompaniýalaryň biriniň -- “Eýdos-Medisina” kompaniýasynyň Amerikada, Ýaponiýada we Tatarystanda işleýändigini belledi. Kompaniýa şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyk edýär we bu tehnikalary iberýär.

Türkmen tarapynyň wekilleri häzirki tapgyrda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde gurluşyk senagatynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Şeýle hem energetika, oba hojalygy, ulag ulgamy, maşyngurluşygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň “Halk market” supermarketleriniň söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026