NASA «asteroidleriň awlaýjysynyň» gurluşygyna girişdi


NASA-nyň inženerleri älem giňişligindäki NEO Surveyor diýlip atlandyrylýan «asteroidleriň awlaýjysynyň» ilkinji düzüm böleklerini ýasap başladylar, ol howply asteroidleriň gözlegi bilen meşgullanar. Bu barada aeronawtika we älem giňişliginiň barlaglary boýunça Milli müdirlik öz resmi saýtynda habar berýär.
NEO Surveyor - bu ilkinji älem teleskopy bolup, ol Ýere golaýlaşýan howply jisimleri tapmak we yzarlamak arkaly planetany goramakda NASA kömek eder.
«Ýeriň taryhynda ilkinji gezek adamlar howply asteroidleriň ugruny üýtgetmek arkaly biziň planetamyzy goramak usulyny işläp düzýärler. Ýöne biziň olaryň ugruny üýtgedip bilmegimizden öňürti, bize olary tapmak gerek. NEO Surveyor bu ugurda oýnuň düzgünini üýtgeder» – diýip, Tusonyň Arizona uniwersitetindäki barlag geçirmek toparynyň ýolbaşçysy Emi Maýnser belledi.
Ýöriteleşdirilen teleskop biziň planetamyzdan 1,5 mln km uzaklykda Ýer-Gün L1 ulgamynda Lagranž nokadynda ýerleşer, ol ýerde teleskop asmanyň uly böleklerini skanirläp biler. Ol gözegçilikleri infragyzyl diapazonda geçirer we sol sebäpli gara asteroidleri we ýanan kometalary ýüze çykaryp biler. Şeýle hem teleskop Gün tarapdan Ýere uçup barýan, ýerdäki obserwatoriýalara görünmeýän asteroidleri tapmaga hem kömek edip biler.
Häzirki wagtda NEO Surveyor enjamyny älem giňişligine 2028-nji ýylda goýbermek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň umumy býujeti 1,2 mlrd dollardyr.
ORIENT habarlar
Surat: nasa.gov








