HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýadaky maglumat tehnologiýalarynyň ägirtleri täze ykjam operasion ulgamy döretmegi meýilleşdirýärler

Dekabr 31, 2022 | 05:43 |5889
«Yandeks», VK, «Rostelekom» korporasiýalary, şeýle hem «Sberbank» Androidiň esasynda we Google Mobile Services platformalaryň ýerini tutup biljek täze ykjam operasion ulgamy işläp düzjek kompaniýany döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, «Kommersant» habar berýär.«Yandeks», VK, «Rostelekom» korporasiýalary, şeýle hem «Sberbank» Androidiň esasynda we Google Mobile Services platformalaryň ýerini tutup biljek täze ykjam operasion ulgamy işläp düzjek kompaniýany döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, «Kommersant» habar berýär.
Çeşme:

«Yandeks», VK, «Rostelekom» korporasiýalary, şeýle hem «Sberbank» Androidiň esasynda we Google Mobile Services platformalaryň ýerini tutup biljek täze ykjam operasion ulgamy işläp düzjek kompaniýany döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, «Kommersant» habar berýär.

Russiýanyň Sanlylaşdyrma ministrligi milli ykjam ulgamyny ösdürmek üçin taslama işläp düzüjileriň konsorsiumyny işe çeker, öz gezeginde «Sberbank» «Rostelekom» bilen bilelikde Androidiň umumy elýeter kodunyň esasynda we platformalary şuňa meňzeş ykjam hyzmatlaryň esasynda ykjam operasion ulgamy döretjek kompaniýany esaslandyrmagy meýilleşdirýärler.

«Resmi taýdan entek konsorsium ýok, ýöne uly oýunçylar platformany işläp düzmek üçin birleşmäge taýýar. Ol öz goşundysynyň adekwat funksionala eýe bolmagyny isleýänleriň ählisine gerek» – diýip, özüni tanyşdyrmadyk çeşmäniň sözleri getirilýär, bu meýilnamanyň «Rostelekom» tarapyndan çykarylan «Awrora» operasion ulgamyna garşy gelmeýändigini belledi.

«Awrora» OU korporatiw we döwlet pudagynda duýgur maglumatlar bilen işlemek üçin ulanylar, täze OU bolsa alyjylar köpçüligine gönükdiriler.

ORIENT habarlar
Surat: ixbt.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026