HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-de halkara uçar gatnawlarynda geljekde pasportlary barlamak ulgamyndan ýüz döndermekleri mümkin

Dekabr 22, 2022 | 14:35 |9687
BAE Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde pasport görkezmezden uçmaga mümkinçilik berýän täze biometriki tehnologiýalary synag edip başladylar – diýip, «Arabian Business» ýazýar.BAE Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde pasport görkezmezden uçmaga mümkinçilik berýän täze biometriki tehnologiýalary synag edip başladylar – diýip, «Arabian Business» ýazýar.
Çeşme:

BAE Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde pasport görkezmezden uçmaga mümkinçilik berýän täze biometriki tehnologiýalary synag edip başladylar – diýip, «Arabian Business» ýazýar.

Emeli intellektiň esasyndaky öňdebaryjy tehnologiýalar NEXT50 ýerli kompaniýanyň taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Olar howa menzilinde hasaba alynmagy tizleşdirmäge we pasportlara bolan talaby aradan aýyrmaga niýetlenendir.

Ulgam howa menzilinde birnäçe nokatlarda, şol sanda garaşylýan zalda we uçara münülen mahaly ýolagçylar baradaky maglumaty barlamak üçin ýokary tehnolgiýaly biometriki kameralardan peýdalanarlar, ýolagçynyň ýüzüniň şekilini derňemek bilen intellektual kameralar oňa syýahat etmäge rugsat edilendigini ýa-da edilmändigini barlaýarlar. Edil şu maglumat uçara münmezden ozal hem ulanylýar, bu bolsa resminamalary gaýtadan görkezmegi aradan aýyrýar.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, taslama durmuşa geçirilenden soňra, Abu-Dabiniň howa menzili müşderiler bilen aragatnaşyk saklanylýan ähli nokatlarda biometriki çözgütleri bolan sebitdäki ýeke-täk howa menzili bolar.

ORIENT habarlar
Surat: arabianbusiness.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026