HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar zenanlaryň erkeklere garanda has ýuka ýüreklidigini subut etdiler

Dekabr 28, 2022 | 22:14 |7226
Kembrij, Garward we Waşington uniwersitetlerinden hünärmenleriň topary, şeýle hem Bar-Ilan we Haýfa uniwersitetleriniň alymlary zenanlaryň kognitiw empatiýada, ýagny özgäniň pikirlerini we duýgylaryny kesgitlemek ukybynyň erkekleriňkiden artykmaçlygyny subut etdiler – diýip, Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.Kembrij, Garward we Waşington uniwersitetlerinden hünärmenleriň topary, şeýle hem Bar-Ilan we Haýfa uniwersitetleriniň alymlary zenanlaryň kognitiw empatiýada, ýagny özgäniň pikirlerini we duýgylaryny kesgitlemek ukybynyň erkekleriňkiden artykmaçlygyny subut etdiler – diýip, Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Çeşme:

Kembrij, Garward we Waşington uniwersitetlerinden hünärmenleriň topary, şeýle hem Bar-Ilan we Haýfa uniwersitetleriniň alymlary zenanlaryň kognitiw empatiýada, ýagny özgäniň pikirlerini we duýgylaryny kesgitlemek ukybynyň erkekleriňkiden artykmaçlygyny subut etdiler – diýip, Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Alymlar dünýäniň 57 ýurdundan dürli ýaşdaky 300 müň adamyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işini geçirdiler. Gatnaşyjylardan “Pikiri gözlerden okamak” boýunça onlaýn-test geçmegi soradylar, onda suratdaky adamyň diňe gözüniň töweregindäki bölegini seljerip, onuň näme hakda pikir edýändigini ýa-da duýýandygyny haýsy sözüň has gowy beýan edýändigini saýlamalydylar.

Bu barlaglar zenanlaryň erkeklere garanda ortaça köp ball alandyklaryny görkezdi. Hünärmenler erkekleriň barlaglarynyň netijesiniň hiç bir ýurtda zenanlaryňkydan ýokary bolmandygyny nygtadylar.

Indi alymlar zenanlaryň erkeklerden has empatikdigini, ýagny ýuka ýüreklidigini ynamly beýan etdiler. Geljekki işlerde munuň sebäbiniň nämedendigini anyklamak meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026