

Mingazow Gonkongyň «Kitçi» kluby bilen şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy
Gonkongyň «Kitçi» FK Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow bilen şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.


Gonkongyň «Kitçi» FK Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow bilen şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.


Madridiň «Real» klubynyň hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň super kubogynda pökgini yzly-yzyna bäş gol geçirip, argentinaly futbolçy Lionel Messiniň rekordyny gaýtalady – diýip, forward özüniň Twitter hasabynda habar berdi.


Russiýanyň Futbol birleşiginiň Baş sekretary Maksim Mitrofanow Aziýanyň futbol konfederasiýasyna goşulmak mümkinçiligi we UEFA-dan çykandan soň Aziýanyň saýlama oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligi barada beýan etdi – diýip, Champion.com. habar berýär.


«Aşgabat» tennis akademiýasynyň türgeni Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän ITF Asia 14&U Development Championships-de Aziýanyň birinjiliginiň finalyna çykdy.


12-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Bütindünýä gyşky Uniwersiadasy – dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplaryň arasynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän sport çäresi başlar. Oýunlar Nýu-Yorkuň (ABŞ) golaýyndaky Lake Placid atly kiçijik obada geçiriler.


Fransuz topary «Pari Sen-Žermen» 18-19-njy ýanwarda «Al-Hilal» we «Al-Nasr» toparlary bilen oýnamak üçin Kataryň paýtagtyna we Saud Arabystana barjakdygyny tassyklady, meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu bolsa «Al-Nasrda» oýnaýar – diýip, Sports.ru. habar berýär.


13-nji ýanwardan 18-nji ýanwar aralygynda Tatarstanyň paýtagty Kazanda dünýäniň yslam ýurtlarynyň arasynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Bäsleşigi geçirmek karary "Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022" halkara sammitiniň çäginde kabul edildi.


12-nji ýanwarda Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aziýa yklymy üçin 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň aýal-gyzlar toparlarynyň birinji tapgyry üçin bije çekişligi geçirer.


Türkmenistanyň topary 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýa çempionatyna -- ITF Asia 14&U Development Championships ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş Bahreýnde, Isa şäherinde başlanýar. Ýaryşlar duşenbe güni, 9-njy ýanwarda başlanyp, 19-njy ýanwara çenli dowam eder.


"Al-Arabiya" teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud Arabystanyndan ilkinji zenan – Anud Al-Asmarini halkara emin edip belledi.


Türkmenistanyň ýygyndy topary dzýudo boýunça milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 66-njy orny eýeledi. Reýtingi dzýudo boýunça Halkara federasiýasynyň saýty çap etdi.


Ahal FT-nyň halypasy, Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi. Bu karar Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky ýygnagynda kabul edildi.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.


Halkara futbol federasiýasy (FIFA) beýleki futbol guramalarynyň wekilleri bilen her ýurtda iň azyndan bir stadionyň adyny üýtgedip, dünýäniň üç gezek çempiony, futbolyň şasy, braziliýaly Peläniň adyny dakmaklygy ara alyp maslahatlaşýar.


"Geljegiň oýunlary" atly halkara taslama kibersport we nusgawy sport görnüşleriniň utgaşyklygy esasyny düzýän we sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek hereketini goldamaga gönükdirilen sport ýaryşlarynyň täze görnüşidir.