HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HOK ýetginjekleriň Kanwondoda geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin medallaryň iň gowy dizaýny üçin bäsleşige badalga berdi

Fewral 04, 2023 | 12:22 |7886
Halkara olimpiýa komiteti 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde geçiriljek IV gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bäsleşige badalga berdi.Halkara olimpiýa komiteti 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde geçiriljek IV gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bäsleşige badalga berdi.
Çeşme: insidethegames.biz

Halkara olimpiýa komiteti 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde geçiriljek IV gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bäsleşige badalga berdi.

Bu bütin dünýäden bolan döredijilik adamlary, kreatiw şahslar üçin öz zehiniňi görkezmek we olimpiýadanyň taryhynyň bir bölegi bolmak üçin ýene-de bir mümkinçilikdir. Eminler tarapyndan saýlanan ýaryşlaryň sylaglarynyň dizaýny altyndan, kümüşden we bürünçden guýlar we Oýunlarda baýrakly orunlary alan türgenlere gowşurylar.

Bäsleşigiň eminleri HOK-niň ýaş habarçylaryndan, Kanwondo-2024 Oýunlarynyň wekillerinden, HOK-niň ýaş liderlerinden durar.

Awtorlara işleri 2023-nji ýylyň 8-nji martyna çenli bäsleşigiň resmi saýtyna ugratmak gerek. Netijeler aýyň aýagyna çenli yglan ediler.

Medalyň ýüz tarapynyň dizaýnynyň birinji orny alan awtory ýaryşlaryň özüne gatnaşmaga iki adamlyk ýollama alar, ýaryşlaryň açylyş dabarasyna we Oýunlaryň sport çärelerine gatnaşmaga mümkinçiligi bolar. Gurnaýjylar şeýle hem ikinji we üçünji baýrakly orunlary aljaklara sowgatlary taýýarladylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026