Saud Arabystany 2027-nji ýylda Aziýa kubogyny geçirer
Fewral 02, 2023 | 20:57 |7545


Saud Arabystany 2027-nji ýylda futbol boýunça Aziýa kubogyny kabul eder. Bu barada Manamada (Bahreýn) Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kongresiniň ahyrynda mälim boldy.
Saud Arabystany ozal beýle ýaryş geçirmändi. Aziýanyň esasy kubogynyň häzirki oýunlary üçünji gezek ýaryşy kabul etjek Katarda geçiriler. Ozal bu ýaryş Katarda 1988-nji we 2011-nji ýyllarda geçirilipdi. Kubok oýunlary 2022-nji ýylda futbol boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň stadionlarynda oýnalar.
Aziýa kubogynyň häzirki çempiony 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen ýaryşyň jemleýji duşuşygynda Ýaponiýany 3-1 hasap bilen ýeňip, kubogy gazanan Katar bolup durýar.
ORIENT news








