HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň küşt federasiýasy Aziýanyň küşt federasiýasynyň düzümine girer

Fewral 02, 2023 | 17:09 |7312
Russiýanyň Küşt federasiýasy (RKF) Aziýanyň Küşt federasiýasynyň düzüminde çykyş edip, özüniň yklyma degişliligini üýtgetmek isleýär.Russiýanyň Küşt federasiýasy (RKF) Aziýanyň Küşt federasiýasynyň düzüminde çykyş edip, özüniň yklyma degişliligini üýtgetmek isleýär.
Çeşme: unsplash.com

Russiýanyň Küşt federasiýasy (RKF) Aziýanyň Küşt federasiýasynyň düzüminde çykyş edip, özüniň yklyma degişliligini üýtgetmek isleýär.

Russiýa Aziýada geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak teklibi Aziýanyň Olimpiýa geňeşinden gelip gowuşdy.

Eýýäm geçen ýylyň aprelinde Russiýanyň Küşt federasiýasy özüniň yklym edarasyny üýtgetjekdigi baradaky niýetini habar berip, Ýewropanyň Küşt birleşigine hat ugradypdy.

Russiýanyň Küşt federasiýasynyň baştutany Andreý Filatow gutarnykly kararyň guramanyň Baş Assambleýasynda kabul ediljekdigini öz beýanatynda nygtady. «Eger-de bu babatda hiç hili garşylyk bolmasa, onda RKF-nyň Aziýanyň Küşt federasiýasyna geçmek üçin ýaşyl yşyk aldy hasaplanar» – diýip, Ýewropanyň Küşt birleşiginiň beýanatynda aýdylýar.

Gutarnykly geçişiň fewralyň ahyryna çenli bolup geçmegine garaşylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026