Türkmenistanyň ok atyjylyk boýunça ýygyndy topary Kuweýte ugrar


9-18-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň ok atyjylyk boýunça ýygyndy toparynyň wekilleri Kuweýtde geçirilýän okuw türgenleşiklerine we okuw seminaryna gatnaşarlar. Çäräni Aziýa atyjylyk konfederasiýasy guraýar.
Şeýlelik bilen, türgenleşige 30 türgeniň, şol sanda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň ok atyjylyk bölüminiň wekili Timur Arslanowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Okuw lageriniň ahyrynda Hytaýda geçiriljek 2023-nji ýyldaky tomusky Aziýa oýunlaryna deslapky taýýarlyk boljak ýaryşlar geçiriler.
Ýekaterina Arabowa we Armen Sarkisýan dagylar tälimçilik ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin halkara bilim seminarlaryna gatnaşarlar. Bu seminar tälimçilerde türgenler bilen işleşmekde zerur bolan wajyp hünär başarnyklarynyň ösmegine goşant goşýar.
ORIENT news








