GDA-da sportuň käbir görnüşleri boýunça çempionatlary we ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynda sportuň käbir görnüşleri boýunça çempionatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni, 9-njy fewralda GDA-nyň Minskidäki baş edarasynda bilermenler toparynyň mejlisinde Düzgünnamanyň degişli taslamasyna garaldy.
Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bilermenler resminamanyň taslamasynyň täze atlandyrylyşyny – GDA-nyň çempionaty (Ýaryşy, Kubogy) hakynda Düzgünnamany ylalaşdylar, onuň tekstiniň üstünde işlediler we ylalaşdylar, şeýle hem bu mesele boýunça GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleriniň taslamasyny işläp taýýarlap ylalaşdylar diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň metbugat gullugy habar berýär.
Şeýle çäreleri guramak pikiri GDA ýurtlarynyň Oýunlarynyň arasynda derejeli sport ýaryşlaryna bolan islegiň esasynda döredi.
Düzgünnamanyň taslamasy Arkalaşygyň ýurtlarynda olimpiýa, paralimpiýa, surdlimpiýa (deflimpiýa), tehniki, awiasiýa, harby-amaly we gulluk-amaly, olimpiýa däl we sportuň milli görnüşleri boýunça çempionatlary guramagyň düzgünini göz öňünde tutýar.
Bu sport çäreleriniň geçirilmeli ýeri we möhletleri baradaky çözgüdi GDA-nyň bedenterbiýe we sport baradaky Geňeşi tarapyndan, şol sanda çempionatlary geçirmegiň senenamalaýyn meýilnamasynyň döredilmegi arkaly kabul ediler.
Ozal Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen GDA-nyň sammitinde GDA-nyň bedenterbiýe we sport baradaky Geňeşiniň howandarlygynda “Dostluk oýunlary” atly halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň baştutanynyň pikirine görä, “Dostluk oýunlary” diňe GDA döwletleriniň däl, eýsem, beýleki ýurtlardan hem türgenleriň gatnaşyp bilmekleri üçin açyk bolmalydyr. Bu ýaryşlar möwsümleýin – tomusky we gyşky bolup biler, olary ýaşlaryň we ýetginjekleriň ýaryşy hökmünde, sportuň käbir görnüşleri boýunça hem-de beýleki görnüşlerde gurap bolar.
Bu teklibi öňe sürüp, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryny geçirmegiň oňat tejribesine we häzirki zaman infrastruktura eýe bolup, “Dostluk oýunlarynyň” ilkinjisini özünde kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.
ORIENT news








