2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň oýunlarynyň tertibi


Futbol boýunça Aziýa kubogy-2024-iň saýlama ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) oýunlarynyň tertibi belli boldy.
8-nji martda milli ýygyndy Eýranyň topary, 10-njy martda bolsa Bangladeşiň topary bilen duşuşar. Türkmenistan öz garşydaşlary bilen "H" toparyny emele getirdi. Duşuşyklar Bangladeşde merkezleşdirilen formatda bir aýlawda oýnalar.
Saýlaw ýaryşlarynyň birinji tapgyry 4-12-nji mart aralygynda dowam eder.

Toparlaryň ýeňijileri saýlama ýaryşlarynyň 2023-nji ýylyň 3-11-nji iýuny aralygynda geçiriljek ikinji tapgyryna çykarlar. Onuň netijelerine görä, iň oňat dört topara 2024-nji ýylyň 3-nji martyndan 16-njy martyna çenli Özbegistanda geçiriljek Aziýa kubogy-2024-iň finalynda oýnamak mümkinçiligi berler.
Taýlandda geçirilen Aziýa kubogynda iň gowy netijeleri görkezen Ýaponiýanyň, KHDR-nyň we Koreýa Respublikasynyň toparlary, şeýle hem ýaryşyň ýer eýesi hökmünde çykyş edýän Özbegistanyň milli ýygyndysy bäsleşmezden, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Artur PETROSYANS








