

Türkmen agyr atletikaçylary Saud Arabystanynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar
4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.


4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.


Türkmenistanyň milli futbol topary sentýabr aýynda FIFA günlerinde geçiriljek Indoneziýa we Bahreýn bilen ýoldaşlyk oýunlara taýýarlyk görüp başladylar.


Esaslandyrylan senesinden, ýagny 1978-nji ýyldan bäri türkmenistanly karateçileriň sany 40-dan 38 müňe çenli artdy, diýip Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial hasabynda mälim edýär.


Kamila Mingazowanyň tälimçilik edýän futbol boýunça milli zenanlar topary FIFA-nyň täzelenen sanawynda bir basgançak öňe çykmagy başardy. Has dogrusy, milli ýygyndymyz 1075 utuk bilen Gabon bilen Liwan döwletleriniň arasynda 136-njy orunda ýerleşdirildi. Aziýa Futbol Klubynda zenanlar ýygyndysynyň iň güýçli 27-nji topardygyny ýatladýarys.


Russiýanyň taekwondo federasiýasy ITF Aziýa taekwondo federasiýasynyň ITF agzasy boldy, bu bolsa Russiýadan gelen türgenlere Aziýa kontinental ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer. Bu barada Russiýa Federassiýasynyň metbugat gullugy öz sosial ulgamlarynda habar berdi.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Hytaýyň ýygyndy topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.


Aşgabadyň golf kluby 16-23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Ashgabad Golf Cup 2023 halkara ýaryşyna Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we beýleki ýurtlardan myhmanlara garaşýar.


Astanada geçirilen ITF dünýä taekwondo çempionatynda türkmen türgenleri bir altyn we bir bürünç – iki medal gazandy.


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda köpçülikleýin, ýokary derejeli sporty, sport bilimini we talyp ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Aşgabat şäherindäki Gyşky sport oýunlary toplumynda ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçiriler. Ony Ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýasy Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteniň ýardamy bilen guraýar.


13 ýaşly Mähri Agamyradowa russiýaly garşydaşyndan asgyn gelip, GDA-nyň resmi däl çempionatyna deňelýän Moskwada geçirilen abraýly we düzümi boýunça güýçli ýaryşda ikinji ýeri eýeledi.


24-28-nji awgust aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçirilen EAST CUP & OLYMPIC STARS döredijilik gimnastikasy boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri 12 altyn, 7 kümüş we 1 bürünç —20 medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport barada döwlet komitetinde habar berdiler.


Türkmenistanyň futbol boýunça Ýaşlar ýygyndy topary 2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanýar. 27-nji awgustdan 4-nji sentýabr aralygynda ol Hytaýyň Dalian şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny, şeýle-de iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Hançžouda 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda guramaçylar ýaryşlaryň resmi gimnini hödürlediler. Ol “Biziň paýlaşýan söýgimiz” atly dostlugyň, parahatçylygyň we sport ruhynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan aýdym boldy.


Aktau (Gazagystan) şäherinde 23-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli geçirilen halkara ýaşlar ýaryşynda türkmen türgenleri alty – bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medallary aldylar.