Türkmenistanyň wekiliýeti Saratow şäherindäki çärelere gatnaşar


7-8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saratow şäherinde “Akylly şäher. Sport bilen ýaşa” ady bilen geçiriljek II Bütinrus oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşar. Bu barada “СарИнформ” neşiri habar berýär.
Türkmen diplomatlary “Roud-şou: Meniň ýurdum” ady bilen geçiriljek serginiň açylyşyna we plenar mejlise gatnaşarlar we Saratow oblastynyň eksporta ýardam etmek merkezine baryp görerler. Agşam bolsa, oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.
Saparyň ikinji gününde baş konsul Güýç Garaýew Saratow döwlet uniwersitetiniň rektory Alekseý Çumaçenko we türkmen talyplary bilen duşuşar.
“Akylly şäher. Sport bilen ýaşa” ady bilen geçirilýän II Bütinrus oýunlarynda 16 we ondan ýokary ýaşly howesjeň türgenler şäher gurşawynda sport bilen meşgullanmagyň mümkinçiliklerini görkezerler. Onuň çäklerinde başga-da dürli çäreler geçiriler.
ORIENT news








