Türkmen tennisçisi Aziýa çempionatynda ilkinji dörtlige girdi


Türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde geçirilen tennis boýunça Aziýa ýetginjekler çempionatynda (U-14) ilkinji üçlükden bir ädim uzaklaşdy. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň we Okeaniýanyň dürli ýurtlaryndan iň güýçli 24 tennisçini jemledi.
Guseýnowa ýaryşyň ýarym finalyna çykyp, uly üstünlik gazandy. Ol Hindistandan Surýanşi Şekhawat we Emili Kim, Özbegistandan Diýa Rameş ýaly garşydaşlaryny ýeňmegi başardy. Ýarym finalda Taýlandly Tarita Hongýokdan, üçünji orun ugrundaky oýunda bolsa, Hindistandandan gelen Aaraw Çawladan utuldy.
Ilima Guseýnowa Türkmenistanda tennis hereketiniň işjeň agzalarynyň biridir. Ol Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda Aşgabat tennis akademiýasynda türgenleşär. Häzirki wagtda ITF-Juniors 14 ýaşa çenli Aziýa reýtinginde 13-nji ýerde durýar.
ORIENT news








