

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.


Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.


“Türkmendemirýollary” agentligi adatça ýylyň ikinji ýarymynda ýolagçy otlularynyň tertibini täzeleýär. 1-nji iýulda güýje girjek üýtgeşmeleriň esasy manysy, otlularyň her gün alty ugurda hereket etmegidir.


Häzirki wagtda Russiýada daşary ýurtly talyplaryň 345 müňden gowragy okaýar we olar üçin ýerleriň sany iki esse köpeldilýär. Bu barada RF-niň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkowa salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.


“Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynda iň köp garaşylýan çykyş etmelileriň biri, dünýä metbugatynda “tupan awçysy” lakamy bilen tanalýan kanadaly meşhur alym Jorj Kurunisdi.


Howanyň üýtgemegi indi geljegiň meselesi däl, ol “şu wagtyň” meselesi – diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.


“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň direktory nämüçin Derweze krateriniň indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýändigini düşündirdi we ol ýerde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň türkmen alymlary tarapyndan hödürlenýän usuly barada gürrüň berdi.


Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri şahsy awtoulaglaryň sürüjilerine we ýolagçylaryna ozal kabul edilen täze düzgünlere laýyklykda, agyz-burun örtüklerini aýyrmagy maslahat berýärler.


Uçuşdan öňürti anketa doldurmalydygyny hemmeler bilenok. “Bu ýerde näme ýazmaly? A ol ýerde?” diýen soraglara jogap gözläp, çemodan bilen sorag-jogap gullugynyň arasynda başagaý bolup ýörmez ýaly, anketany öňünden öýe alyň we howa menziline gelen badyňyza gowşurar ýaly, gyssanman, rahat ýagdaýda dolduryň.


2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda gibrid formatda "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen sebitleýin konferensiýa geçirildi.


Jorj Kurunis türkmeniň Garagum çölüniň merkezinde ýerleşen Derwezedäki otly ojagyň düýbüne gadam basan ilkini adam boldy. Bu waka sekiz ýyl mundan ozal, 2013-nji ýylda bolupdy.


Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy Hou Siszýuny kabul etdi. Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler söhbetdeşligiň temasy boldy.


Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.


Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde döwrebap metjidi gurmak baradaky teklibi makullady.


Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň müdirliginiň işgärlerine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň agyz-burun örtüklerini dakynmak boýunça täzelenen talaplarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek barada buýruk gelip gowuşdy diýip, ORIENT-e ministrligiň düzümindäki çeşmeler habar berdiler.