Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC ýolbaşçysy nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy Hou Siszýuny kabul etdi. Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler söhbetdeşligiň temasy boldy.
Siszýun kompaniýanyň we beýleki hytaýly işewür toparlaryň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Döwlet baştutany bu hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ulgamynda bolşy ýaly, söwda-ykdysady, şol sanda, ulag-aragatnaşyk, senagat, tehnologiýalar, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly dürli ugurlarda ösdürilýändigini belledi.
CNPC – ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşy, iri göwrümli taslama – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Bu transmilli gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazynyň 330 milliard kubmetrden gowragy HHR-na ugradyldy.
Serdar Berdimuhamedow we CNPC prezidenti nebitgaz pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Hou Siszýun döwlet baştutanyna CNPC Türkmenistanda alyp barýan işleri barada, şol sanda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde we dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmakda ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.
Siszýun Türkmenistanyň döwlet baştutanyna ýakynda bolup geçen täze bilelikdäki desganyň – Lebapdaky “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hoşallygyny bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwwatlyklaryny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrylan turba geçiriji düzümleri kemala getirmek we ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän innowasion önümçilikleri döretmek üçin bu pudaga iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýandygyny nygtady.
ORIENT news








