Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy şahsy awtoulaglaryň sürüjilerine we ýolagçylaryna agyz-burun örtüklerini aýyrmagy maslahat berýär


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň müdirliginiň inspektorlary Saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrligi tarapyndan kabul edilen täze düzgünlere laýyklykda, şahsy awtoulaglaryň sürüjilerine we ýolagçylaryna agyz-burun örtüklerini aýyrmagy maslahat berýär.
Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Aşgabatda bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanlaryň birentegi gürrüň berdi. Olaryň aýtmaklaryna görä, indi şahsy awtoulaglaryň sürüjileri we ýolagçylary islegine görä, agyz-burun örtüklerini dakynman bilerler.
Ozal ministrligiň düzümlerindäki çeşmeler ORIENT-e eýýäm Ýol gözegçiligi gullugynyň müdirliginiň işgärlerine SG we DSM-niň täzelelen talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek hakynda görkezme gelip başlandygy barada, ýöne şahsy düzümiň köpsanly bolandygy sebäpli, ýakyn günlerde bu maglumatyň ähli bölümlere ýetiriljekdigi barada habar beripdiler.
Täze düzgünlere laýyklykda, sürüjiler we ýolagçylar agyz-burun örtüklerini diňe jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, şeýle hem, köp adamly ýapyk binalarda we döwlet serhediniň barlag-goýberiş nokatlarynda dakynmaly.
Mundan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow KHBS-niň üsti bilen ilata agyz-burun örtükleriniň dakylmagynyň haýsy ýerde zerurdygyny, nirede dakynmaly däldigini düşündirmegi tabşyrypdy.
ORIENT news








