HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalyň täze dolandyryş merkezinde 5,5 müň adamlyk metjit gurular

Iýun 21, 2022 | 01:03 |13485
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde döwrebap metjidi gurmak baradaky
teklibi makullady.Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde döwrebap metjidi gurmak baradaky
teklibi makullady.
Çeşme:

– Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde döwrebap metjidi gurmak baradaky teklibi makullady – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

– Metjit birbada 5,5 müň adamyň namaza durmagyna mümkinçilik berer ýaly ýagdaýda gurulmalydyr – diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlaryny täze şäheriň şaýollaryna we köçelerine dakyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Görnükli şahsyýetleriň atlary şäheriň binalaryna hem olaryň her biriniň aýratynlygy we maksady göz öňünde tutulyp dakylar.

Mundan öň Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti ýurduň ähli welaýatlarynda guruljak metjitler üçin ýörite haýyr-sahawat hasabyny açypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026