HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenistan – ÝHHG: ulag we logistika ösüşi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk" atly sebitleýin konferensiýa geçirildi

Iýun 22, 2022 | 20:20 |9261
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda gibrid formatda "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen sebitleýin konferensiýa geçirildi.2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda gibrid formatda "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen sebitleýin konferensiýa geçirildi.
Çeşme:

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda gibrid formatda "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen sebitleýin konferensiýa geçirildi. Bu konferensiýa, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky delegasiýasy tarapyndan ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri edarasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy.

Agzalan çäräniň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝHHG-nyň beýleki agza ýurtlaryndan 60-dan gowrak wekiller, akademiýalaryň, hususy pudagyň, BMG-nyň we beýleki degişli halkara we sebit guramalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy.

Австрийская столица стала местом проведения конференции «Туркменистан – ОБСЕ: региональное сотрудничество в области развития транспорта и логистики»

Bu çäre, ulag we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen Merkezi Aziýanyň häzirki möhüm ykdysady meselelerine bagyşlandy. Maslahatyň dowamynda sebitleýin durnukly ulag we söwda gatnaşyklarynyň dürli taraplary maslahatlaşyldy.

Çäre ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri edarasy bilen bilelikde guralan 2018-nji ýyldaky dolandyryş we ykdysady baglanyşyk boýunça ýokary derejeli sebitleýin konferensiýasynyň dowamy boldy.

Австрийская столица стала местом проведения конференции «Туркменистан – ОБСЕ: региональное сотрудничество в области развития транспорта и логистики»

Maslahatyň başynda, türkmen tarapy konferensiýa gatnaşyjylary Türkmenistanyň ykdysadyýet we durnukly ulag pudagyndaky meýilnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Gatnaşanlara Türkmenistanyň ÝHHG, esasanam guramanyň ykdysady we daşky gurşaw işleri edarasy bilen uzak möhletli üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlygy barada maglumat berildi. Bu mazmunda gatnaşyjylar " Türkmenistanyň transport diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy" bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň transport potensialyny ýokarlandyrmaga we oňa ÝHHG-nyň Ýaşyl portlar taslamasynyň çäginde halkara sertifikatyny almaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Türkmen tarapy, şu ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ýokary derjeli halkara ulag konferensiýasyna” görülýän taýýarlyk barada hem belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda söwdany ýeňilleşdirmek, transporty ösdürmek, sebit üstaşyr geçişini gowulandyrmak, şeýle hem ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek üçin ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini bellediler.

Şeýle hem, gatnaşyjylar durnukly multimodal tranzit koridorlarynyň döredilmegini öňe sürdiler we ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara täsirleşmegi üpjün etmek üçin syýasy gepleşikleri dowam etdirmegiň we berkitmegiň möhümdigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026