HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Nebitgaz ulgamy “nol” trendiniň lokomotiwine öwrülýär

Iýun 24, 2022 | 19:39 |9015
Howanyň üýtgemegi indi geljegiň meselesi däl, ol “şu wagtyň” meselesi – diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.Howanyň üýtgemegi indi geljegiň meselesi däl, ol “şu wagtyň” meselesi – diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme:

– Howanyň üýtgemegi indi geljegiň meselesi däl, ol “şu wagtyň” meselesi – diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Şlapaçenko: “Ýurtlar öz täze borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin syýasat işläp düzmeli we haýal etmezden, durmuşa geçirip ugramaly. Soňra olar uzakmöhletleýin borçnamalaryň we hereketleriň öňe gitmegini üpjün etmek üçin hasaby arassa nola öwürmeli”- diýdi.

Ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýada zyňyndylary azaltmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini ýatlatdy.

постоянный координатор ООН в Туркменистане Дмитрий Шлапаченко

Metan10-12 ýyl atmosferada bolanda, kömürturşy gaza görä, ýylylygy 80 esse köp saklaýan güýçli parnik gazydyr. Ýokary ýylylyk mümkinçiligi we gysga ömür möhleti sebäpli, metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy gysga möhletli ýylylygy çäklendirmegiň netijeli usullarynyň biridir.

Nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işler metanyň zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden biridir we zyňyndylary sap nol derejä çenli getirmekde uly mümkinçiliklere eýe. Şol sebäpli, nebit-gaz pudagy möhüm başlangyç nokadydyr.

– Türkmenistanda metanyň zyňyndylaryny 75%-e çenli azaldyp boljakdygy hasaplandy, onuň ýarysyndan gowragyny hiç hili çykdajysyz azaldyp bolardy – diýip, Şlapaçenko aýtdy.

– Türkmenistanyň hökümetiniň zyňyndylary azaltmak boýunça öz borçnamalaryna, şol sanda Glazgo borçnamalaryna çynlakaý çemeleşýändigini bilýäris – diýip, BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy aýtdy. Biz Türkmenistana metan bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýakyndan ýardam berýäris.

постоянный координатор ООН в Туркменистане Дмитрий Шлапаченко

Ýurtlara metanyň zyňyndylary bilen baglanyşykly meselelere düşünmekde we olary çözmekde kömek bermek üçin BMG-nyň daşky gurşaw boýunça meýilnamasy (UNEP) metanyň zyňyndylary boýunça Halkara obserwatoriýasyny (IMEO) döretdi, onyň wekili hem Aşgabat forumyna gatnaşdy.

Nebitgaz pudagy alternatiw energiýany we öz alyp barýan işinden uglerod yzlaryny aýyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryny ösdürmekde öňdebaryjylaryň hataryndadyr.

Şol bir wagtyň özünde tebigy gaz bilen nebit ýene uzak wagtlap dünýä ykdysadyýetiniň özeni bolmagynda galar. BloombergNEF kompaniýasynyň berýän çaklamalaryna görä, 2035-nji ýylda nebite bolan isleg iň ýokary derejä ýetip, ondan soňky 15 ýylyň dowamynda ýylda 0,7% aşak düşer, 2050-nji ýylda ol 2018-nji ýylyň derejesi bilen deňleşer. Gazyň ulanylyşy tä 2050-nji ýyla çenli ýylda 0,5% artar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026