Derweze 2.0 – kanadaly barlag geçiriji meşhur syýahatyny gaýtalamagy maksat edinýär


Jorj Kurunis türkmeniň Garagum çölüniň merkezinde ýerleşen Derwezedäki otly ojagyň düýbüne gadam basan ilkini adam boldy. Bu waka sekiz ýyl mundan ozal, 2013-nji ýylda bolupdy.

Milli geografiýa jemgyýeti (National Geographic Society, США) tarapyndan maliýeleşdirilen we National Geographic teleýaýlymy tarapynda wideoşekillere geçirilen syýahatyň baş maksady ýaşaýşyň alamatlaryny tapmak üçin alawlap duran oduň düýbünden topragyň nusgalaryny almakdan ybarat boldy. Esasan-da, ekstremofilleriň, ýagny daşky gurşawyň ýowuz şertlerinde, şu ýagdaýda, alawyň içinde metana baý yssy gurşawda ýaşamaga ukyply hem-de köpelip bilýän mikroorganizmleriň bardygyny anyklamakdan ybarat boldy.

Näme üçin? Gyzykly bolany sebäpli. Hakykatda, elbetde, alymlaryň has içgin kesgitlenilen wezipesi bardy. Bu mikroblar we bakteriýalar biziň Gün ulgamymyzyň çäklerinden daşardaky şunuň ýaly şertler bolan beýleki planetalarda ýaşaýşyň bardygyny gözlemäge kömek edip biler.

Syýahat uly üstünlige beslendi. Jorj otly ojagyň düýbüne düşendigi üçin Ginnesiň rekordlar Kitabynda girdi, barlag geçirijileriň topary bolsa barlag-seljerme işlerini geçirenlerinde soň, ol ýerde ýaşaýan adaty bolmadyk mikroorganizmleriň birnäçe görnüşlerini ýüze çykardylar.

Şondan bäri Jorj amala aşyran syýahaty barada tutuş dünýä boýunça dürli KHBS-leri üçin örän köpsanly interwýulary berdi. Bularyň ählisi Derwezedäki otly ojaga syýahatçylaryň has-da uly ünsüni çekdi. Onuň töwereklerinde infrastruktura: gorag germewleri, kempingler, daş düşelen ýoda we beýlekiler peýda bolup başlady.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň hökümeti 50 ýyl töweregi ýanyp duran otly ojagyň oguny öçürmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Onuň sebäbi gazyň ýanmagyndan howa bölünip çykýan metanyň ekologiýa ýetirýän zyýanynda jemlenýär.
Jorj Kurunisiň sözlerine görä, şu pursatlarda KHBS-leriniň ýagdaýlar barada gürrüň bermegini haýyş edip ýüz tutýanlary has-da köpeldi. Onuň berýän gürrüňleri BBC, NPR, SkyNews we beýlekiler bilen birlikde, 350-den gowrak täzelikler saýtarynda peýda boldy.

2022-nji ýylyň maý aýynda “Türkmen Forum” we Türkmenistanyň hökümeti Jorjy Aşgabatda penşenbe güni, 23-nji iýunda geçiriljek “Uglewodorod serişdelerini almagyň ekologiýa ugurlary” atly Halkara ylmy maslahatda çykyş etmäge çagyrdylar. Forumda “Derweze”gazly ojagy dolandyrmagyň mümkinçiligi” aýratyn meselä öwrüler.

Çykyş etmek baradaky çakylykdan soň, ýakyn wagtda Türkmenistana täze syýahata ýolbaşçylyk edip, Derweze dolanyp gelmek teklibi bilen bu çakylyk giňeşdildi. Şonda onuň ýakynynda ýerleşen, her biri özboluşly häsiýetnamalara eýe bolan beýleki iki otly ojagy hem barlamak hem-de ähli üçüsinden nusgalary almak maksat edinilýär.
“Suwly” diýlip atlandyrylýan alawly ojaga ýel berlen uly bolmadyk gaýygyň üstünde ýüpler arkaly aşak düşmek, barlag geçirmek üçin suwuň nusgasyny almak, onuň çuňlugyny ölçemek, degişli enjamlar arkaly suwa çümmek we onuň düýbüni gözden geçirmek, onuň topragyndan hem-de çökündisinden nusgalary almak meýilleşdirilýär.

Suwuň bu nusgalary ählumumy süýji suwly bioköpdürliligiň elektron bioatlasyny döretmek üçin Daşky gurşawy goramagyň halkara birleşigi hem-de NatureMetrics DNK-a gözegçilik etmek boýunça guramasy tarapyndan girizilen täze taslama bolan eBioAtlasa iberiler.
Alymlaryň pikirine görä, şunuň ýaly doly suratlandyrylmagy süýji suwuň serişdelerine gözegçilik edilmegini gowulandyrmaga, maliýeleşdirmäge, dolandyrmaga we gorap saklamaga mümkinçilik berer. Taslamanyň maksady ilkinji üç ýylyň dowamynda suwuň 30 000 nusgalaryny almakdan ybaratdyr. Soňra şolarda suwda balyklaryň, guşlaryň, amfibiýalaryň we haýwanlaryň görnüşleriniň goýan DNK yzlarynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna seljerme geçirip bolar.

Metandan doly palçyk köpürjikleýän beýleki bir “palçykly” alawly ojagyň düýbüne hem barmak (ol ýerde uly bolmadyk ot hem bar), onuň dürli ýerlerinden nusgalary almak hem-de teplowizion kameranyň kömegi bilen maglumatlary almak meýilleşdirildi. Suw, ýylylyk we gaz sebäpli, bu alawly ojagyň ekstremofil bakteriýalar üçin has uly mümkinçiliginiň bolmagy çaklanylýar.
Şol bir wagtda bu otly ojaklaryň içini arassalamaga-da – tebigy taýdan dörän bu täsinlikleriň bu ýere gelýänler üçin özüne çekiji bolmagyny gazanmak maksady bilen, zir-zibilleri ýygnamaga-da mümkiniçlik bolar.

Esasy bolsa, elbetde, Derweze otly ojagydyr. Bu ýerde onuň tutuş çuňlugyna tarap çekilen oda garşy durnukly tanaplar arkaly doly derejeli gorag egin-eşiginde düýbüne düşmek gerek. Şeýle hem bu ýerde DNK-seljermesini geçirmek we 2013-nji ýylyda alnan nusgalar bilen deňeşdirmek üçin topragyň nusgalaryny almak, teplowizion maglumatlary almak we aşak düşmäge isleg bildirýänlere nähilidir bir howpuň bolup-bolmazlygyny kesgitlemek üçin gazyň derejesini ölçemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem syýahatçylygyň alawly ojaga we onuň töwereklerine täsiri resmileşdiriler.

Şeýlelikde, Jorj Kuranis Garaguma nobatdaky çylşyrymly syýahata çykmagy maksat edinýär. Syýahatyň deslapky möhletleri 2022-nji ýylyň güýzüne bellenildi. Häzirlikçe bolsa onuň “Uglewodorod serişdelerini almagyň ekologiýa ugurlary” atly Halkara ylmy maslahatda çykyş etmegine garaşýarys. Ol Derweze otly ojagyna düşendigi baradaky maglumatlaryň tanyşdyryş çäresini geçirmegi söz berýär hem-de Ýer togalagynda, göni şu ýerde özge planetalarda ýaşaýşy gözlemek baradaky täsirlerini paýlaşar.

Jorj Kurunis – barlag geçiriji, “apy-tupanlaryň awçysy” we telealypbaryjy. Ol bütin dünýä boýunça tupanlar, harasatlar, patlawuklar, inýän harsaňlar bilen birlikde, tebigatyň hem-de tebigy hadysalaryň howply güýjüni we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini resmileşdirmäge ömrüniň 25 ýylyny bagyşlady.
Ol Kanadanyň patyşalar geografiýa jemgyýetiniň barlag geçiriji-rezidenti adyna eýedir we Ekolog-žurnalistler jemgyýetiniň hem-de Kanadanyň Metereologiýa we okeanografiýa jemgyýetiniň agzasydyr.
ORIENT news








