

Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreşmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär
Aşgabatda adam söwdasyna garşy göreş babatynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seminar geçirilýär. Seminaryň maksady oňa gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreş syýasatyny we proseduralaryny işläp düzmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem pida bolanlary ýüze çykarmakdan we olara kömek bermekden ybarat.




















